Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny
salgyt
25.10.2004 · № 245-II
«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny
226 madda · 9 bölüm · 140 sahypa
Mazmuny
Ähli bölümler
I-nji bölek
I
Umumy düzgünler
II
Salgyt hukuk gatnaşyklary we olara gatnaşyjylar
III
Salgyt töleýjileri hasaba almak
IV
Salgydy hasaplamak we tölemek
V
Türkmenistanyň salgyt edaralary
VI
Salgyt barlaglary
VII
Salgyt edarasynyň çözgütlerine, onuň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň hereketlerine şikaýat etmek
VIII
Salgyt hukuk bozmalary üçin maliýe jerimeleri
§
II bölek
Ähli bölümler
I. Umumy düzgünler
II. Salgyt hukuk gatnaşyklary we olara gatnaşyjylar
III. Salgyt töleýjileri hasaba almak
IV. Salgydy hasaplamak we tölemek
V. Türkmenistanyň salgyt edaralary
VI. Salgyt barlaglary
VII. Salgyt edarasynyň çözgütlerine, onuň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň hereketlerine şikaýat etmek
VIII. Salgyt hukuk bozmalary üçin maliýe jerimeleri
II bölek
226 madda
1-nji madda
Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň esasy başlangyçlary
1. Şu Bitewi kanun Türkmenistanyň Döwlet býujetine alynýan salgytlaryň ulgamyny, salgyt salmagyň umumy ýörelgelerini, salgytlary tölemek boýunça borçlaryň ýüze çykmagynyň (üýtgemegini, bes edilmegini) esaslaryny we ýerine ýetirmegiň…
2-nji madda
Türkmenistanyň salgyt hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk
1. Türkmenistanyň salgyt kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ol şu Bitewi kanundan hem-de Türkmenistanyň salgyt hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. Salgyt hukuk…
3-nji madda
Türkmenistanyň salgyt kanunçylyk namalarynyň güýji
1. Şu Bitewi kanunda bellenenlerden başga täze salgytlary bellemek, şeýle hem hereket edýän salgytlary üýtgetmek ýa-da ýatyrmak diňe «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»…
4-nji madda
Möhletleri hasaplamagyň kadalary
Şu Bitewi kanunda ýa-da Türkmenistanyň salgyt hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän başga bir kadalaşdyryjy hukuk namasynda görkezilen möhletler babatynda Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan düzgünler ulanylýar.
5-nji madda
Salgyt ýyly
Salgyt ýyly ýanwar aýynyň 1-inden başlanýar we dekabr aýynyň 31-inde tamamlanýar hem-de maliýe ýyly bilen gabat gelýär.
6-njy madda
Halkara ylalaşyklary
Eger Türkmenistanyň halkara ylalaşyklarynda şu Bitewi kanunda beýan edilen düzgünlerden başga düzgünler bellenen bolsa, onda halkara ylalaşyklarynyň düzgünleri ulanylýar.
7-nji madda
Salgyt we onuň alamatlary
1. Salgyt - döwlet işini maliýe taýdan üpjün etmek maksady bilen, döwlet tarapyndan bellenýän we ýuridik we fiziki şahslardan alynýan, Türkmenistanyň Döwlet býujetine gelip gowuşýan hökmany, hususy muzdsyz tölegdir. Salgyt aşakdaky…
8-nji madda
Salgytlar boýunça berilýän ýeňillikler
1. Salgytlar boýunça ýeňillikler şu Bitewi kanunda bellenilýär. Hususy häsiýete eýe bolan ýeňillikleri bermek gadagan edilýär. 2. Salgyt töleýji hukuk esaslary ýüze çykan pursadyndan we olaryň güýjüniň bütin döwrüniň içinde salgyt boýunça…
9-njy madda
Salgytlaryň hasaplanýan we tölenýän pul birligi
1. Eger-de Türkmenistanyň kanunçylygynda gaýry ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda salgytlar Türkmenistanyň milli pulunda hasaplanýar we tölenýär. Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan ýuridik şahslar tarapyndan, şol sanda…
10-njy madda
Salgyt hukuk gatnaşyklarynyň mazmuny
Salgyt hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyny berjaý etmegiň barşynda salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň arasynda ýüze çykýan hukuklaryň we (ýa-da) borçlaryň jemini öz içine alýar.
11-nji madda
Salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylar
Salgyt töleýji, salgyt töleýjiniň salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşmagyna wekilçilik edýän beýleki taraplar, şeýle hem şu Bitewi kanunynyň 13-nji maddasynda görkezilen ygtyýarly edaralar salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylar bolup…
12-nji madda
Salgyt töleýji we onuň salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşmaga wekilçilik edýän beýleki taraplar
1. Şu Bitewi kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlar ýüze çykanda kesgitli salgyt tölemek borçlary üstüne ýüklenen fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslar salgyt töleýjiler diýlip ykrar edilýär. Salgyt töleýjiler - şerekete gatnaşyjylar tarapyndan…
13-nji madda
Salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan ygtyýarly edaralar
1. Şu aşakdakylar salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan edaralar bolup durýarlar: Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň edaralary (mundan beýläk - gümrük gullugy); Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edaralary (mundan…
14-nji madda
Fiziki şahslar - Türkmenistanyň dahyllylary we dahylsyzlary
1. Türkmenistanyň raýatlary, daşary döwletleriň raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar fiziki şahslar diýlip ykrar edilýärler. 2. Salgyt töleýji diýlip ykrar edilýän fiziki şahslar Türkmenistanyň dahyllylary bolup hem, bolman…
15-nji madda
Hususy telekeçi - fiziki şahs
1. Fiziki şahs Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde hususy telekeçi diýlip ykrar edilýär. Taraplaryň görkezilen toparlaryna daşary döwletleriň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan hususy telekeçiler…
16-njy madda
Fiziki şahsyň ýaşaýan ýeri
Salgyt salmak maksady bilen fiziki şahsyň ýaşaýan ýeri Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda kesgitlenýär.
17-nji madda
Ýuridik şahslar - Türkmenistanyň dahyllylary we dahylsyzlary
1. Salgyt salmak maksady üçin ýuridik şahs aşakdaky ýagdaýlarda Türkmenistanyň dahyllysy hasaplanýar: eger-de ol Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen (esaslandyrylan) bolsa; ýa-da onuň baş ýolbaşçy edarasy (ýolbaşçylary,…
18-nji madda
Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahsyň hemişelik wekilhanasy
1. Şu maddanyň 2-nji böleginde başga ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, ygtyýarly tarapyň (fiziki ýa-da ýuridik şahsyň) üstünden amala aşyrylýan işi hem goşmak bilen, ýuridik şahsyň telekeçilik işini doly ýa-da bölekleýin amala aşyrýan…
19-njy madda
Salgyt ýumuşçysy
1. Şu Bitewi kanuna laýyklykda salgydy hasaplamak, tutup almak we ony salgyt töleýjiniň ýerine Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirmek boýunça borçlar ýüklenýän taraplar salgyt ýumuşçysy diýlip ykrar edilýär. 2. Salgyt ýumuşçysy…
20-nji madda
Kanuny wekil
1. Salgyt töleýji fiziki şahsyň kanuny wekili diýlip, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda onuň adyndan iş alyp barmaga ygtyýar berlen tarap ykrar edilýär. 2. Ýuridik şahsyň esaslandyryjy resminamalarynyň ýa-da Türkmenistanyň…
21-nji madda
Ygtyýarly wekil
1. Salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) tarapyndan, salgyt edarasy, salgyt hukuk gatnaşyklaryna beýleki gatnaşyjylar bilen gatnaşyklarda onuň bähbitlerini aramaga hukuk berlen tarap salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) ygtyýarly wekili…
22-nji madda
Salgyt töleýjiniň hukuklary
1. Salgyt töleýjiniň şu hukuklary bardyr: a) salgyt edarasyndan we salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan beýleki ygtyýarly edaralardan Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyny ulanmak meseleleri boýunça düşündiriş almaga; b) salgyt hukuk…
23-nji madda
Salgyt töleýjiniň borçlary
1. Salgyt töleýji aşakdakylara borçludyr: a) şu Bitewi kanunda bellenen salgytlary tölemäge; b) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda şeýle borç göz öňünde tutulan bolsa, şu Bitewi kanunda bellenen tertipde salgyt edarasynda hasapda…
24-nji madda
Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak
1. Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmaklyga fiziki şahslar-hususy telekeçiler we Türkmenistanda öz şahamçalaryny we wekilhanalaryny bellige aldyran daşary ýurtly ýuridik şahslary goşmak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda…
25-nji madda
Hasaba goýmagyň tertibi we möhletleri
1. Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmaklyk fiziki şahsyň - hususy telekeçiniň ýa-da ýuridik şahsyň (aýrybaşgalanan düzüm birliginiň) döwlet belligine alnan gününden soň on günüň dowamynda salgyt edarasyna berlen arzanyň esasynda, beýleki…
Öňki
1 / 10
Indiki