Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
Türkmenistanyň Suw kodeksi
SUWK
suw
15.10.2016 · № 456-V
Türkmenistanyň Suw kodeksi
120 madda · 8 bölüm · 50 sahypa
Mazmuny
Ähli bölümler
I
Umumy düzgünler
II
Suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet dolandyryşy hem-de döwlet gözegçiligi
III
Suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet meýilleşdirilişi. Suwlary döwlet tarapyndan hasaba almak, Türkmenistanyň döwlet suw kadastry we suw obýektleriniň döwlet monitoringi
IV
Suwdan peýdalanmak
V
Suw obýektlerini goramak we suwlaryň zyýanly täsiriniň öňüni almak
VI
Suwlary peýdalanmak we goramak babatda kadalaşdyrmak we standartlaşdyrmak
VII
Suwlary rejeli peýdalanmagy we goramagy üpjün etmegiň ykdysady mehanizmi
VIII
Suwlary peýdalanmak we goramak babatda jedelleri çözmek. Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy
Ähli bölümler
I. Umumy düzgünler
II. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet dolandyryşy hem-de döwlet gözegçiligi
III. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet meýilleşdirilişi. Suwlary döwlet tarapyndan hasaba almak, Türkmenistanyň döwlet suw kadastry we suw obýektleriniň döwlet monitoringi
IV. Suwdan peýdalanmak
V. Suw obýektlerini goramak we suwlaryň zyýanly täsiriniň öňüni almak
VI. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda kadalaşdyrmak we standartlaşdyrmak
VII. Suwlary rejeli peýdalanmagy we goramagy üpjün etmegiň ykdysady mehanizmi
VIII. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda jedelleri çözmek. Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy
120 madda
1-nji madda
Şu Kodeksde ulanylýan esasy düşünjeler
1. Şu Kodeksde aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) suwlar - suw obýektlerinde ýygnanan, ähli suwlaryň jemi; 2) suw obýekti - kesgitlenen çäkleri, möçberi we gidrologik düzgüniň ýa-da ýerasty suwlarynyň düzgüniniň alamatlary bar bolan…
2-nji madda
Türkmenistanyň suw kanunçylygy
1. Türkmenistanyň suw kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kodeksden hem-de suw gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar. 2. Türkmenistanyň suwlary…
3-nji madda
Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň maksatlary we wezipeleri
1. Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň maksatlary suwdan peýdalanmagyň ekologiýa taýdan howpsuz we ykdysady taýdan amatly derejesine ýetmek hem-de saklamak we ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de daşky gurşawy gorap saklamak üçin…
4-nji madda
Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň esasy ýörelgeleri
Türkmenistanyň suw kanunçylygy şu aşakdaky esasy ýörelgelere esaslanýar: 1) ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň we ilatyň saglygyny gorap saklamagyň esasy bolup durýan, suwlaryň döwlet ähmiýetini ykrar etmek; 2) suwlary peýdalanmak we goramak…
5-nji madda
Türkmenistanyň suw gaznasyna eýeçilik hukugy
1. Türkmenistanyň suw gaznasy diňe döwlet eýeçiliginde durýar. 2. Suw gaznasyna eýelik etmek, peýdalanmak we dolandyrmak hukugy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine degişlidir. 3. Ýuridik we fiziki şahslaryň, suw obýektlerine döwlet…
6-njy madda
Gidrotehniki desgalaryna bolan eýeçilik hukugy
1. Gidrotehniki desgalar döwlet ýa-da eýeçiligiň başga görnüşinde bolup bilerler. 2. Eger şu Kodeksde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, eýeçiligiň başga görnüşinde durýan gidrotehniki desgalara eýelik etmek, peýdalanmak we dolandyrmak…
7-nji madda
Türkmenistanyň suw gaznasy
1. Ähli suw obýektleriniň jemi Türkmenistanyň suw gaznasyny düzýär. 2. Türkmenistanyň suw gaznasy suw obýektleriniň şu aşakdaky görnüşlerini öz içine alýar: 1) ýerüsti suw obýektleri: a) deňiz suwlary (Hazar deňziniň türkmen böleginiň…
8-nji madda
Suw gatnaşyklarynyň subýektleri
1. Döwlet, ýuridik we fiziki şahslar suw gatnaşyklarynyň subýektleri bolup durýarlar. 2. Türkmenistanyň suwlary peýdalanmak we goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk…
9-njy madda
Suw gaznasynyň ýerleri
1. Suw gaznasynyň ýerlerine howdanlaryň (kölleriň, suw howdanlarynyň, Hazar deňziniň türkmen böleginiň suwlarynyň), suw akymlarynyň (derýalaryň, kanallaryň, zeýsuwakabalarynyň, gidrotehniki we beýleki suw hojalyk desgalarynyň, hojalygara…
10-njy madda
Suwlary peýdalanmak we goramak babatda dolandyryşy amala aşyrýan döwlet edaralary
1. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet dolandyryşy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, suwlary peýdalanmak we goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş…
11-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri görýär; 2) suwlary rejeli peýdalanmagyň we goramagyň, suw hojalygyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny…
12-nji madda
Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarlandyrylan edara: 1) suw obýektlerini peýdalanmak we goramak babatda döwlet syýasatyny alyp barýar we durmuşa geçirýär; 2) suwlary toplumlaýyn peýdalanmak we goramak babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny işläp taýýarlamaga…
13-nji madda
Daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlylygy
Daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy: 1) ýerüsti we ýerasty (gidrotermal suwlar muňa girmeýär) suwlarynyň goralyşyna, suw serişdeleriniň hapalanmagynyň, egsilmeginiň öňüni almak, olary rejeli…
14-nji madda
Geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlylygy
Geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy: 1) ýerasty suwlarynyň peýdalanylyşyna we olaryň ýataklarynyň egsilmekden we hapalanmakdan goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar; 2) ýerasty suwlarynyň…
15-nji madda
Ýerli we sebitleýin döwlet suw hojalyk guramalary
1. Ýerli we sebitleýin döwlet suw hojalyk guramalary - olaryň esasy wezipesi suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet dolandyryşyny hem-de gözegçiligini amala aşyrmak bolup durýan, ygtyýarlandyrylan edaranyň garamagyndaky edaralardyr.…
16-njy madda
Agyz suwy peýdalanmak we içimlik suw bilen üpjünçilik babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy
Agyz suwy peýdalanmak we içimlik suw bilen üpjünçilik babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy agyz suwy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
17-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary: 1) suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar; 2) suwlary rejeli peýdalanmak we goramak bilen baglanyşykly shemalary, maksatnamalary we…
18-nji madda
Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary: 1) suwlary rejeli peýdalanmak we goramak bilen baglanyşykly shemalary, maksatnamalary we çäreleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga ýardam edýärler, özleriniň garamagyndaky çäklerde olaryň…
19-njy madda
Suw hojalygy babatda çäreleriň amala aşyrylmagyna raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy
Raýatlar we jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, şu aşakdakylara hukugy bardyr: 1) döwlet edaralary hem-de guramalary tarapyndan, suwlary peýdalanmak we goramak bilen baglanyşykly meselelere…
20-nji madda
Suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet gözegçiliginiň wezipeleri
1. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet gözegçiliginiň wezipeleri şu aşakdakylar bolup durýar: 1) suwlary peýdalanmagyň we goramagyň bellenilen tertibiniň suwdan peýdalanyjylar tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik etmek; 2)…
21-nji madda
Suw serişdelerine döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralar
1. Suwlaryň peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmak maksady bilen ygtyýarlandyrylan edaranyň düzüminde suw serişdeleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik ediş Gullugy döredilýär. 2. Suwlaryň goralyşyna, olaryň…
22-nji madda
Suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet meýilleşdirilişiniň wezipeleri
1. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet meýilleşdirilişiniň wezipeleri suwlaryň suwdan peýdalanyjylaryň arasynda ylmy taýdan esaslandyrylyp paýlanylmagyny, suwlary goramagy üpjün etmek hem-de olaryň ýaramaz täsiriniň öňüni almak…
23-nji madda
Suw hojalyk balanslary
1. Suw hojalyk balanslary suw obýektleriniň sebitleri, suw hojalyk zonalary we tutuş Türkmenistan boýunça suw serişdeleriniň barlygyna we peýdalanylyş derejesine baha bermek üçin niýetlenendir. 2. Suw hojalyk balanslary geologiýa babatda…
24-nji madda
Suwlary toplumlaýyn peýdalanmagyň we goramagyň shemalary
1. Suwlary toplumlaýyn peýdalanmagyň we goramagyň shemalary baş, sebitleýin we ýerli shemalara bölünýärler. 2. Suwlary toplumlaýyn peýdalanmagyň we goramagyň shemalary suw serişdelerini bir bitewüleşdirip (toplumlaýyn) dolandyrmagyň…
25-nji madda
Suwlary döwlet tarapyndan hasaba almagyň wezipeleri
1. Suwlary döwlet tarapyndan hasaba almagyň wezipeleri Türkmenistanyň çäginde bar bolan suw serişdeleriniň mukdary we hili barada maglumatlary, şeýle hem suwdan peýdalanmak we suwy sowmak barada maglumatlary anyklamak bolup durýar. 2.…
Öňki
1 / 5
Indiki