Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny
ýer
25.10.2004 · № 243-II
«Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny
126 madda · 40 sahypa
126 madda
1-nji madda
Türkmenistanda ýer
Türkmenistanda ýer türkmen halkynyň baýlygydyr, döwlet goragy astynda durýar, ol rejeli we netijeli peýdalanylmaga degişlidir.
2-nji madda
Türkmenistanyň ýer kanunçylygy
1. Türkmenistanyň ýer kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şu bitewi Kanundan we ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan Türkmenistanyň beýleki hukuk namalaryndan durýar. 2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu bitewi…
3-nji madda
Şu bitewi Kanunyň hereket ediş çygry
Ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan şu bitewi Kanunyň hereketi şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna degişlidir.
4-nji madda
Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň wezipeleri
Şu aşakdakylar Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň wezipeleridir: - ýer serişdelerinden rejeli we netijeli peýdalanmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak maksady bilen ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak; - ýer serişdelerinden peýdalanmak we…
5-nji madda
Ýer gatnaşyklary babatda döwlet kepilleri
Ýer gatnaşyklary babatda döwlet kepilleri şu aşakdakylary öz içine alýar: - Türkmenistanyň çäginiň bitewiliginiň, eldegrilmesizliginiň we bölünmezliginiň üpjün edilmegini; - ýer gatnaşyklary babatda döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyny; -…
6-njy madda
Ýerleriň toparlary
Türkmenistanyň ýer gaznasy maksatly niýetlenilişine laýyklykda şu aşakdaky toparlara bölünýär: a) oba hojalyk maksatly ýerler; b) tokaý gaznasynyň ýerleri; ç) suw gaznasynyň ýerleri; d) döwlet ätiýaçlyk ýerleri; e) ilatly ýerleriň…
7-nji madda
Ýerleri toparlara degişli etmegiň we olary bir topardan beýleki topara geçirmegiň tertibi
Ýerleri Türkmenistanyň ýer gaznasynyň şu bitewi Kanunyň 6-njy maddasynda görkezilen toparlaryna degişli etmek we olary bir topardan beýleki topara geçirmek olaryň maksatly niýetlenilişine laýyklykda şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň…
8-nji madda
Ýörite ýer gaznalary
1. Oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygy, şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin Türkmenistanyň raýatlaryna hususy eýeçilige ýerleri bermek, şeýle hem oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin Türkmenistanyň…
9-njy madda
Ýer gatnaşyklary babatda döwlet kadalaşdyryşy
Ýer gatnaşyklary babatda döwlet kadalaşdyryşy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala…
10-njy madda
Ýer gatnaşyklary babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: - ýer gatnaşyklary babatda ýeke-täk döwlet syýasatynyň geçirilmegini üpjün edýär; - ýerlerden rejeli peýdalanmak, topragyň mesligini ýokarlandyrmak, beýleki tebigaty goraýyş çäreler bilen bir toplumda…
11-nji madda
Ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasynyň ygtyýarlyklary
1. Ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy: - ýer gatnaşyklary babatda alynyp barylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; - ýer serişdelerinden rejeli peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;…
12-nji madda
Ýer gatnaşyklary babatda welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň häkimlikleriniň ygtyýarlyklary
Welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň häkimlikleri öz tabynlygyndaky çäklerde: - ýer gatnaşyklary babatda alynyp barylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler; - ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer…
13-nji madda
Ýer gatnaşyklary babatda etraplaryň (şäherleriň) häkimliginiň ygtyýarlyklary
Etraplaryň (şäherleriň) häkimlikleri öz tabynlygyndaky çäklerde: - ýer gatnaşyklary babatda alynyp barylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler; - ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklaryny we kanuny…
14-nji madda
Ýer gatnaşyklary babatda Geňeşleriň ygtyýarlyklary
Geňeşler öz çäklerinde: - ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün edýärler; - ýer serişdelerinden rejeli peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna gözegçiligi amala aşyrýarlar; -…
15-nji madda
Ýer meseleleri baradaky toparlar
1. Ýer meselelerine seretmek üçin şu aşakdakylar döredilýär: - ýer meseleleri baradaky Döwlet topary; - welaýatyň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň ýer meseleleri baradaky toparlary; - etrabyň (şäheriň) ýer meseleleri…
16-njy madda
Şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna ýer böleklerini bermek
1. Ýer bölegini almaga isleg bildiren Türkmenistanyň raýatlary, bu barada ýer böleginiň ýerleşýän ýeri boýunça şu aşakdakylara arza berýärler: a) hususy eýeçilige - şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak - mellek ýeri we özbaşdak ýaşaýyş…
17-nji madda
Ýer böleklerinden peýdalanmagyň görnüşleri
1. Ýer bölekleri eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä berlip bilner. 2. Ýer bölegi eýeçilige Türkmenistanyň raýatlaryna berlip bilner. 3. Ýer bölegi hemişelik ýa-da wagtlaýyn (99 ýyla çenli) peýdalanmaga Türkmenistanyň raýatlaryna we…
18-nji madda
Türkmenistanyň raýatlarynyň ýer böleklerinden peýdalanmagynyň görnüşleri
Ýer bölekleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň raýatlaryna şu aşakdakylar üçin berlip bilner: - oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak-mellek ýer; - şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaý…
19-njy madda
Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplarynyň ýer böleklerinden peýdalanmagynyň görnüşleri
Ýer bölekleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplaryna şu aşakdakylar üçin berlip bilner: - oba hojalyk önümçiligini alyp barmak; - kömekçi oba hojalygyny alyp barmak; - wagtlaýyn…
20-nji madda
Daşary ýurt raýatlarynyň we edara görnüşindäki taraplarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň ýer böleklerinden peýdalanmagynyň görnüşleri
Daşary ýurt raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna ýer bölekleri şu aşakdaky maksatlar üçin diňe kärendesine berlip bilner: - desgalary gurmak we oba hojalyk däl beýleki…
21-nji madda
Ýer bölegine eýeçilik hukugynyň, ýerden peýdalanmak hukugynyň we ýere kärende hukugynyň ýüze çykmagy
Ýer bölegine eýeçilik hukugy, ýerden peýdalanmak hukugy we ýere kärende hukugy ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan ýer bölekleriniň hakyky çäkleri bellenilenden we oňa bolan hukuga güwä geçýän resminamalar…
22-nji madda
Döwletiň eýeçiliginde durýan ýerler
1. Türkmenistanyň raýatlaryna eýeçilige berlen ýerlerden başga, Türkmenistanyň ähli ýerleri döwletiň eýeçiliginde durýar. 2. Döwlet goraghanalaryna berlen ýerler, şeýle hem beýleki aýratyn goralýan tebigy meýdanlarynyň ýerleri döwletiň…
23-nji madda
Ýere hususy eýeçilik
Ýer bölekleri Türkmenistanyň raýatlaryna şu aşakdaky maksatlar üçin hususy eýeçilige berlip bilner: - oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak-mellek ýeri; - şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaý gurluşygy; - oba…
24-nji madda
Ýere hususy eýeçilik hukugynyň ýüze çykmagy
1. Türkmenistanyň raýatlarynyň ýere hususy eýeçilik hukugy şu bitewi Kanuna we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalaryna laýyklykda ýer bölekleri hususy eýeçilige berlende we raýat-hukuk geleşikleriniň netijesinde ýaşaýyş jaýa ýa-da…
25-nji madda
Şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak-mellek ýeri üçin Türkmenistanyň raýatlaryna hususy eýeçilige ýer böleklerini bermek
1. Daýhan birleşikleriniň agzalarynyň, beýleki oba hojalyk we tokaý hojalyk kärhanalarynyň işgärleriniň maşgalalaryna, şeýle hem mugallymlaryň, lukmanlaryň we işi oba ilatyna hyzmat etmek bilen baglanyşykly beýleki hünärmenleriň…
Öňki
1 / 6
Indiki