Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksi
YJK
ýaşaýyş jaý
02.03.2013 · № 374-IV
Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksi
127 madda · 6 bölüm · 51 sahypa
Mazmuny
Ähli bölümler
I
Umumy düzgünler
II
Hususy ýaşaýyş jaý gaznasy
III
Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasy
IV
Ýaşaýyş jaý gaznasyny dolandyrmak, onuň saklanylmagyny üpjün etmek, ulanmak we abatlamak
V
Ýaşaýyş jaý kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik
VI
Geçiş düzgünleri
Ähli bölümler
I. Umumy düzgünler
II. Hususy ýaşaýyş jaý gaznasy
III. Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasy
IV. Ýaşaýyş jaý gaznasyny dolandyrmak, onuň saklanylmagyny üpjün etmek, ulanmak we abatlamak
V. Ýaşaýyş jaý kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik
VI. Geçiş düzgünleri
127 madda
1-nji madda
Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygynyň esasy başlangyçlary
1. Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygy Türkmenistanyň raýatlarynyň abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda ýa-da edinmekde we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda döwletden goldaw almak, ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizligi hem-de kanunda…
2-nji madda
Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýän gatnaşyklar
1. Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygy fiziki we ýuridik şahslaryň, döwlet häkimiýet edaralarynyň, Geňeşleriň şu meseleler boýunça gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär: 1) ýaşaýyş jaý gatnaşyklarynyň döremegi, amala aşyrylmagy, üýtgemegi we…
3-nji madda
Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygy
1. Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kodeksden hem-de oňa laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 2. Türkmenistanyň ýer, binagärlik,…
4-nji madda
Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygynyň wagt boýunça hereketi
1. Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygynyň namasynyň yzyna täsir ediş güýji ýokdur we ol güýje girenden soň ýüze çykan ýaşaýyş jaý gatnaşyklary babatda ulanylýar. 2. Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygynyň namasynyň hereketi onuň güýje…
5-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýaşaýyş jaý gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek barada ygtyýarlyklary
Ýaşaýyş jaý gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklaryna şular girýär: 1) ýaşaýyş jaý gaznasyny ulanmak we onuň abat saklanmagyny üpjün etmek barada döwlet syýasatyny işläp düzmek we durmuşa…
6-njy madda
Ygtyýarly döwlet edarasynyň ýaşaýyş jaý gaznasyny dolandyrmak boýunça ygtyýarlyklary
Ýaşaýyş jaý gaznasyny dolandyrmak barada ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlyklaryna şular girýär: 1) ýaşaýyş jaýlaryny peýdalanmak we abat saklamak barada döwlet syýasatyny, ýaşaýyş jaý ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegiň döwlet…
7-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we Geňeşleriň ýaşaýyş jaý gatnaşyklary babatda ygtyýarlyklary
Ýaşaýyş jaý gatnaşyklary barada ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we Geňeşler şu ygtyýarlyklary amala aşyrýar: 1) welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň häkimleri: a) ýaşaýyş jaý ulgamyny toplumlaýyn…
8-nji madda
Ýaşaýyş jaý gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek barada ýerli jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralaryň gatnaşmagy
Ýaşaýyş jaý gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek barada ýerli jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralary şulara hukuklydyrlar: 1) ýaşaýyş jaýlaryny ulanmakda we olary abat saklamakda ýaşaýjylara ýardam etmek; 2) ýaşaýjylaryň ýaşaýyş jaý-durmuş…
9-njy madda
Ýaşaýyş jaý jedellerini çözmek
Ýaşaýyş jaý hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller kazyýet tertibinde çözülýär.
10-njy madda
Daşary ýurda işe iberilen Türkmenistanyň raýatlaryny ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek
Daşary ýurda işe iberilen Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän tertipde we şertlerde bolýan ýerinde ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär.
11-nji madda
Ýaşaýyş jaý gatnaşyklarynyň obýektleri
1. Ýaşaýyş jaý gatnaşyklarynyň obýektleri - ýaşaýyş jaýlarydyr. 2. Ýaşaýyş jaýy gozgalmaýan emläk bolup, raýatlaryň hemişelik ýaşamagy üçin ýaramly bolmalydyr we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenen arassaçylyk,…
12-nji madda
Ýaşaýyş jaýlarynyň görnüşleri
1. Şu aşakdakylar ýaşaýyş jaýlaryna degişlidirler: 1) ýaşaýyş jaýy, ýaşaýyş jaýynyň bir bölegi; 2) öý, öýüň bir bölegi; 3) otag. 2. Ýaşaýyş jaýy - bir ýa-da şondan köp öýden, şeýle hem köp öýli ýaşaýyş jaýyndaky umumy…
13-nji madda
Ýaşaýyş jaýynyň niýetlenilişi. Ýaşaýyş jaýyndan peýdalanmak
1. Ýaşaýyş jaýy raýatlaryň ýaşamagy üçin niýetlenendir. 2. Ýaşaýyş jaýyna bildirilýän talaplara garşy gelmeýän, beýleki raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini bozmaýan halatlarynda ýaşaýyş jaýynda kanuny esaslar boýunça ýaşaýan…
14-nji madda
Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý gaznasy
1. Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem beýleki binalarda ýerleşen ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý gaznasyny (mundan beýläk - ýaşaýyş jaý gaznasy) emele getirýär. 2. Ýaşaýyş jaý gaznasyna ýaşaýyş…
15-nji madda
Ýaşaýyş jaý gaznasynyň görnüşleri
1. Eýeçiliginiň görnüşine baglylykda ýaşaýyş jaý gaznasy şu aşakdakylara bölünýär: 1) hususy ýaşaýyş jaý gaznasy - fiziki şahslara, şeýle hem eýeçiligi döwlete degişli bolmadyk ýuridik şahslara eýeçilik hukugy esasynda degişli ýaşaýyş…
16-njy madda
Ýaşaýyş jaý gaznasyny dolandyrmak
1. Ýaşaýyş jaý gaznasyny peýdalanmak we saklamak çygrynda döwlet dolandyryşy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, beýleki döwlet häkimiýet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we…
17-nji madda
Ýaşaýyş jaý gaznasynyň döwlet hasaby
1. Ýaşaýyş jaý gaznasynyň döwlet hasaby eýeçiligiň görnüşine garamazdan ýeke-täk düzgün boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde alnyp barylýar. 2. Ýaşaýyş jaý gaznasynyň döwlet hasaby ony hasaba almagyň…
18-nji madda
Ýaşaýyş jaýyny ýaşalmaýan jaýa we ýaşalmaýan jaýy ýaşaýyş jaýyna geçirmek
1. Ýaşamak üçin ýaramly ýaşaýyş jaýynyň ýaşalmaýan jaýa geçirilmegine ýol berilmeýär. Aýratyn halatlarda ýaşaýyş jaýynyň ýaşalmaýan jaýa, ýaşalmaýan jaýyň ýaşaýyş jaýyna geçirilmegine şu Kodeksiň we Türkmenistanyň kanunçylygynyň…
19-njy madda
Ýaşaýyş jaýyny ýaşalmaýan jaýa we ýaşalmaýan jaýy ýaşaýyş jaýyna geçirmegiň tertibi
1. Ýaşaýyş jaýyny ýaşalmaýan jaýa ýa-da ýaşalmaýan jaýy ýaşaýyş jaýyna geçirmek degişli jaýyň eýesiniň ýa-da onuň ygtyýarly eden edarasynyň (adamynyň) arzasy boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ýa-da Geňeşiň karary…
20-nji madda
Ýaşaýyş jaýyny gaýtadan enjamlaşdyrmak we onuň meýilleşdirilişini üýtgetmek barada düşünje
1. Ýaşaýyş jaýyny gaýtadan enjamlaşdyrmak ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň we Geňeşiň karary esasynda geçirilýän ýaşaýyş jaýynyň enjamlaýyn pasportyna üýtgetmeleriň girizilmegini talap edýän hyzmat ediş ulgamlarynyň,…
21-nji madda
Ýaşaýyş jaýyny gaýtadan enjamlaşdyrmagyň ýa-da onuň meýilleşdirilişini üýtgetmegiň tertibi
1. Ýaşaýyş jaýynda ýaşalýan we ýaşalmaýan jaýlary gaýtadan enjamlaşdyrmak ýa-da olaryň meýilleşdirilişini üýtgetmek olaryň eýeleriniň razylygy bilen işleriň gurluşyk kadalaryna we düzgünlerine laýyk gelmegine jogapkärçilik çekýän ýuridik…
22-nji madda
Ýaşaýyş jaýyny baş-başdak gaýtadan enjamlaşdyrmagyň ýa-da onuň meýilleşdirilişini üýtgetmegiň netijeleri
1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ýa-da Geňeşiň karary, eýesiniň razylygy bolmazdan ýa-da gaýtadan enjamlaşdyrmagyň ýa-da meýilleşdirilişini üýtgetmegiň taslamasyny bozmak bilen geçirilen ýaşaýyş jaýyň gaýtadan…
23-nji madda
Ýaşaýyş jaýyny hususy eýeçilige edinmäge bolan hukuk
1. Fiziki şahsyň ýa-da eýeçiligi döwlete degişli bolmadyk ýuridik şahsyň eýeçiliginde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda edinilen ýaşaýyş jaýy (mundan beýläk - hususy ýaşaýyş jaýy) bolup biler. 2. Fiziki ýa-da ýuridik şahsyň hususy…
24-nji madda
Ýaşaýyş jaýyna hususy eýeçilik hukugynyň ýüze çykmagynyň esaslary
Ýaşaýyş jaýyna ýa-da onuň bir bölegine hususy eýeçilik hukugy şu esaslar boýunça ýüze çykýar: 1) jaýy (jaýyň bir bölegini) gurmak; 2) satyn almak-satmak, alyş-çalyş etmek, sowgat etmek we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylan…
25-nji madda
Ýaşaýyş jaýyna hususy eýeçilik hukugynyň ýüze çykmagynyň, geçmeginiň aýratynlyklary
1. Bellenilen tertipde berlen ýer böleginde täze gurlan ýaşaýyş jaýyna hususy eýeçilik hukugy onuň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kabul edilip, döwlet belligine alnan pursadyndan ýüze çykýar. 2. Türkmenistanyň kanunçylygynda…
Öňki
1 / 6
Indiki